«Türkmenhowaýollary» üç aýlyk meýilnamany 164,7 göterim berjaý etdi

«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilen mukdary 164,7 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlsiinde hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 105,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy. 

Ýanwar — mart aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 121,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.