Brýusselde geçirilen brifingde Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifinge Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy-analitika merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

HHM-niň habar bermegine görä, brifingiň esasy mowzugy Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň startegiýalary,Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň innowasion mümkinçilikleri, şeýle hem, ulag-üstaşyr ösüşleri barada boldy.

Brifingiň dowamynda sebitleýin integrasiýany we özara arabaglanşygy ösdürmek babatynda pikirler öňe sürülip, oňa gatnaşanlaryň arasynda özara pikirler alşyldy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Palwanow gepleşiklere işjeň gatnaşyp, ýurduň ulag pudagynda ýetilen sepgitleri belläp geçdi hem-de sebitara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini beýan edýän çykyşlar we wideolar görkezildi.

Merkezi Aziýanyň esasy ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan gurnamagyň zerurlygy barada umumy netijä geldiler.

Şeýle duşuşyklar, Türkmenistanyň ulag ulgamyna çuňňur düşünmäge ýardam edip, ýurduň ulag pudagynyň bilermenleriniň hem-de wekilleriniň arasynda göni aragatnaşygyň saklanmagyna oňaýly täsir eder.