Saud Arabystanynda dünýäniň iň uly howa menzili gurlar

Saud Arabystany Patyşalygynda syýahatçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçirijilik ukyby boýunça dünýäde iň uly howa menziliniň gurluşygyna girişilýär. 

Patyşa Salman adyndaky halkara howa menziliniň geçirijilik ukyby ýylda 120 mln ýolagça deň bolar. 

Howa menzilinde 4 terminal we 6 uçuş-gonuş zolaklary hereket eder. Şeýle hem onuň çäginde welosiped ýodajyklary, seýil baglar, aýratyn ýük terminaly ýerleşer. 

Howa menzili 2030-njy ýylda açylar. 2050-nji ýyla çenli onuň geçirijilik ukyby ýylda 185 mln ýolagça ýeter. Ýolagçy akymyny artdyrmak üçin howa menzili açylyp ulanmaga berlenden soňra uçuşlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu taslamany durmuşa geçirmek «Foster + Partners» meşhur britan binagärlik kompaniýasyna ynanyldy. Ol Londonyň Hitrou howa menzili bilen uzakmöhletleýin şertnamasy bolan Mace Group britan kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.