Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige badalga berildi

 Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olaryň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagy üçin oňaýly şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşige badalga berildi.

Alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyzda ylmyň ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sany barha artýar. Bäsleşik jemi 6 ugry öz içine alyp, aşakda görkezilen seneleriň tertibi boýunça geçiriler:

1-nji ugur: Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika – 11.04.2024ý.

2-nji ugur: Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika – 12.04.2024ý.

3-nji ugur: Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary – 15.04.2024ý.

4-nji ugur: – Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary – 16.04.2024ý.

5-nji ugur: Innowasion ykdysadyýet – 17.04.2024ý.

6-nji ugur: Ynsanperwer ylymlary – 18,19.04.2024ý.