Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar

15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşar.

Olar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Khanjars», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahreýn», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Gümüş Patenler», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Orhis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr.

Halkara ýaryşda «Galkan», «Feniks», «Oman Khanjars», «Bahreýn» we «Ice Box» toparlary «A», «Akmola», «Gümüş Patenler», «Dordoý», «Orhis-Kazan» we «Wolat» toparlary bolsa «B» toparçany emele getirer.

Halkara ýaryşa Türkmenistandan wekilçilik etjek «Galkan» hokkeý topary Içeri işler ministrliginiň garamagynda 2013-nji ýylda döredildi. Topar ilkinji üstünliklerini şol ýylyň özünde gazanyp başlady. Bu topar Türkmenistanyň sekiz gezek çempionydyr. Häzirki wagtda ýurduň milli ýygyndysynyň düzüminiň hem agramly bölegini «Galkan» hokkeý toparynyň wekilleri emele getirýär. Ýaryşa gatnaşyjy beýleki toparlaryň hem öz ýurtlarynda we halkara giňişlikde meşhur toparlardygyna ünsüňizi çekmek isleýäris.

Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi