Şu gün Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün — 15-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Bu barada «Uzdaily» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Raşid Meredow «Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki dialogyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistanda saparda bolýar.

Söhbetdeşligiň başynda Raşid Meredow özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmegiň, goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara söwda dolanyşygynda öňegidişlik gazanyldy. Häzirki wagtda «Şawat – Daşoguz» serhetýaka söwda zolagy döredilýär. Özara peýdaly hyzmatdaşlyk senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika we oba hojalygy pudagynda hem dowam edýär.

Duşuşykda sebitara gatnaşyklar we medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Özbegistanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler.

Şeýle hem duşuşykda sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri barada pikir alşyldy diýlip, habarda bellenilýär.