«Ladanyň» täze nesil ulaglary emeli intellekte eýe bolar

«AvtoVAZ» Lada awtoulaglarynda sürüjisiz ulgamlary ornaşdyrmak meýliniň bardygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň prezidenti Maksim Sokolow bu barada: «Sürüjisiz tehnologiýalary ykdysady taýdan mümkin we täsirli boljak modellerde ulanmak mümkinçiligini göz öňünde tutýarys» diýip habar berdi. Onuň aýdanlaryny «RIA Nowosti» getirýär.

Sokolow sürüjisiz ulgamlaryň ornaşdyrylmagynyň, 2030-njy ýyla çenli AvtoVAZ-yň ösüş strategiýasynyň bir bölegidigini, bu hem ýokary derejeli (C, D we has ýokary) awtoulaglaryň öndürilmegini üpjün edýändigini aýtdy. Bu modellerde sürüjisiz ulgamlaryň elementleri has giňden ulanylar.

Munuň Russiýanyň awtoulag senagatynyň sürüjisiz ulaglar ugrundaky ilkinji ädimi däldigini bellemelidiris. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda «KamAZ» hem «Atlant 49 Robocop» sürüjisiz awtoulagynyň prototipini hödürläpdi.