«Ford» tekerleriň ogurlanmagyndan gorajak tekerdäki basyşa gözegçilik etmek boýunça «akylly» ulgamyň patentini aldy

«Ford» diňe bir tekerdäki basyşa gözegçilik etmek bilen çäklenmän, eýsem, başga-da dürli aýratynlyklara eýe bolan täze tekerdäki basyş datçigi bilen tekerleriň ogurlanmagy bilen göreşýär.

Mehaniki hereketlerden elektrik öndürýän pýezoelektrik material bilen işleýän datçik ulag duran wagtynda-da işlär. Munuň özi ulgama basyşyň üýtgemegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berer, mysal üçin, ulag domkrat bilen galdyrylanda ol sesli duýduryşy işledip, ogrulary gorkuzar.

Emma bu hemmesi däl. Datçik temperatura, tizlik, gorag örtüginiň könelmegi, tekeriň typmagy we beýleki ýagdaýlar barada hakyky wagt birliginde maglumatlary toplar.

Bu maglumatlar ulagyň elektron ulgamlaryna ýolsuz ýerlerdäki we gaty maddalar bilen örtülen ýollardaky üýtgeşmelere has çalt jogap bermäge mümkinçilik berer.