Ýaponiýada «Toyota Land Cruiser 250» ulagynyň satuwy başlandy

Köpden bäri garaşylýan «Toyota Land Cruiser 250» ýapon bazaryna girdi, ol 2023-nji ýylyň awgust aýynda tanyşdyrylan «Land Cruiser Prado J250» ulagynyň täzelenen görnüşidir, onuň adynyň «Prado» bölegi aýryldy we gibrid görnüşlerinden mahrum boldy. Bu barada motor.ru habar berýär.

«Land Cruiser 250» TNGA-F platformasynda guruldy. Ýolsuz ýerler üçin niýetlenen awtoulagyň uzynlygy 4,93 metr, teker binýady 2,85 metr. Awtoulag bäş we ýedi orunlyk nusgalarda elýeterlidir.

Iki hereketlendiriji nusgasy hödürlenýär: 204 at güýjüni öndürýän we aýlaw pursatynda 500 Nm kuwwaty bolan 2,8 litrlik turbodizel hem-de 163 at güýjüni öndürýän we 246 Nm kuwwaty bolan 2,7 litrlik benzin hereketlendirijisi. Iki hereketlendiriji hem awtomatiki geçiriş gutusy bilen üpjün edilýär: dizel üçin 8 basgançakly we benzin üçin 6 basgançakly.

Ulag peseldiji geçiriji we yzky diferensial gulpy bolan hemişelik ähli tekerleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýapon bazary üçin 8000 sany çäkli nusgada öndürilen ýörite «First Edition» seriýasy hödürlenýär.

«Land Cruiser 250 First Edition» ulagynyň «ZX» nusgasynyň bahasy 7 850 000 ýenden başlaýar, bu bolsa ony ulagyň Ýaponiýadaky iň gymmat görnüşine öwürýär.

Ýewropa we Awstraliýa üçin niýetlenen «Prado-dan» tapawutlylykda, «Land Cruiser 250» ulagynyň «ýumşak» gibrid görnüşi ýok. Şeýle hem ABŞ-da hödürlenýän «i-Force Max» gibrid hereketlendiriji ulgamy-da ýokdur.