Türkmenistanda «Kottej» görnüşli ýaşaýyş jaýlar üçin gurluşyk kadalary tassyklanyldy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 42-iş belgili buýrugy esasynda “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 46-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk, şähergurluşyk işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen “Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar” atly TGK 2.08.14-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy.

Gurluşyk kadalarynyň tassyklanan doly görnüşi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.