Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň Milli Lideri derejesi berildi

21-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Kanunlaryň arasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny hem bar.

Degişli Kanun bilen bu belent dereje Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek ýurduň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berildi.

Konstitusion kanuna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Şeýle-de Milli Lidere onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylar.