Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşar.
Olar Türkmenistanyň «Galkan», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Oman Soltanlygynyň «Oman Khanjars», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahreýn», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Türkiýe Respublikasynyň «Gümüş Patenler», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Orhis-Kazan», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box» we Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparlarydyr.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabat awtoulag kärhanasy dürli awtoulaglarda, şol sanda ýük awtoulaglarynda, tirkeglerde we ýarym tirkeglerde ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanda doglan rus kosmonawty Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny täzelemegini dowam edýär. Häzirki wagtda HKS (Halkara kosmos stansiýasy) serkerdesi Oleg Kononenko 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýere gaýdyp gelende, onuň kosmosda geçiren günleriniň umumy sany 1110 gün bolar.
Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 14,1 % ýokarlandy we 586,5 müň tonna ýetdi.
Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup, has takygy, serginiň açylyşynyň ertesi güni 14-nji aprelde Milli gününi geçirer.
Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 14,1 % ýokarlandy we 586,5 müň tonna ýetdi. Umaman aýdylanda 2024-nji ýylyň ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 133,3% ýerine ýetirildi.
Ýakynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
10-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.