Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.
24-25-nji apreli aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA) tehniki missiýasynyň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine sapary guraldy. Bu saparyň maksady Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça maslahatlary we tehniki çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr diýlip, gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Şu gün --- 26-njy aprelde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň çägindäki döwrebap Ahalteke atçylyk athanasyna geldi.
17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde "Magtymguly Pyragy" medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.