Nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mihail Mişustinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji maýda Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Kremlde RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iki sany möhüm desganyň --- kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem-de Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenen desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň prezidenti Professor Sibrandes Poppemanyň arasynda duşuşygy geçirildi.