Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp her ýyl geçirilýän baýramçylyk dabaralaryň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 24 – 25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler.
Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti 12-nji maýda üç günlük sapar bilen Aşgabada geler.
2029-njy ýyldan başlap, ABŞ-da satylan awtoulaglaryň hemmesinde Milli awtoulag ýol hereketi howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) täze düzgüni boýunça awtomatiki duruzyjy (AEB) bolmalydyr.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa 70 ýaş ýubileýi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa 70 ýaş ýubileýi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Aşgabadyň “Arçabil” myhmanhanasynda 30-njy aprelde Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanylyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi.