Hytaýda «Xinghai S7» elektrik ulagy görkezildi

Hytaýda «Dongfeng» kompaniýasynyň «Xinghai S7» elektrik sedany görkezildi. Awtoulag «Dongfeng S2-E» platformasynda ýygnalyp, onuň 0.195Cd aerodinamiki süýrmek koeffisiýenti bilen tertipli göwrümi bar. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Täze ulag Hytaý bazarynda «Tesla Model 3», «Xiaomi SU7» we «BYD Seal» bilen bäsleşer. Sedanyň uzynlygy 4935 millimetre, tekeriniň esaslygy 2915 millimetre ýetýär.

«Xinghai S7»-niň öň tarapynda elektrik ulaglaryna mahsus ýapyk gözenekli radiator bar. Onuň yzky çyralary, ortada marka nyşany bolan LED zolak bilen birleşdirilip, modele ýakymly görnüş berýär. Ulagyň içinde D şekilli rul, ýüzýän duýgur ekranly multimediýa ulgamy we sanly gural paneli bar.

«Xinghai S7»-niň elektrik hereketlendirijisiniň kuwwaty 218 at güýjüne deň bolup, ulag litiý-ion batareýasynyň kömegi bilen bir gezek zarýadlandyrylanda 550 kilometr aralygy geçip bilýär. Sedanyň iň ýokary tizligi sagatda 165 kilometre deň bolar. Ulagyň sagatda 100 kilometr tizlige çykmagy üçin bary-ýogy 6,67 sekunt wagt zerur. Onuň batareýasyny ýarym sagatda 30 göterimlik zarýaddan 80 göterimlik zarýada çenli ýetirip bolýar.