Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

1-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. 

Bu ýerde ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak we dialogyň medeniýetiniň ähmiýeti baradaky meselelere seredildi.

Gepleşikleriň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga we oňyn çözgütleri tapmaga ýakyndan ýardam berýändigi nygtaldy.