Türkmenistan we Saud Arabystany ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy

Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Huraýji ministrligiň edara binasynda — Er-Riýadda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bilen duşuşyk geçirdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, kabul edişlikde taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Diplomatlar özara gyzyklanýan halkara meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk dürli ugurlardaky türkmen-saud gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň çäklerinde geçirildi. Ondan öň Saud Arabystanynyň maýa goýum ministriniň orunbasary Badr Al-Badr iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelipdi. Saparyň esasy temasy hökümet, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümet toparynyň işi boldy.

Şu ýylyň fewral aýyndan bäri «Turkmenistan Airlanes» tarapyndan Aşgabatdan Saud Arabystanynyň Jidda şäherine göni uçuşlaryň amala aşyrylýandygyny, munuň iki ýurduň arasyndaky ýolagçy gatnawynyň we syýahatçylygyň ösmegine goşant boljakdygyny ýatladýarys.

Galyberse-de, ýanwar aýynda Türkmenistanyň müftüligi hem-de Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrligi 2024-nji ýylda türkmen tarapynyň haj zyýaratyny geçirmek, ýakyn dini we medeni gatnaşyklary berkitmek baradaky şertnama gol çekdiler.

Munuň özi Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň özara düşünişmek we dostluk ruhunda ähli ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny äşgär edýär.

Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi