BMW-den uly özgerişlik: bäş ýylda 40 görnüşli önüm

Bawariýanyň BMW konserni öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda 40 sany täze görnüşli ulaglary öndürip, olary ulanylyşa goýbermäge taýýarlanýar. Bu barada BMW-niň Las-Wegasdaky dilerlik maslahatynda habar berildi ― diýip, auto.ru ýazýar.

Bu maslahatyň çäklerinde BMW täze elektrik ulagyny amerikaly dilerlerine tanyşdyrdy. Ygtybarly çeşmeler bu ulaga ýokary baha berlendigini aýtdylar. Täze ulagyň amerikan bazarynda «Teslanyň» bäsdeşi bolmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtyň özünde BMW elektrik ulaga tapgyrlaýyn geçmegi meýilleşdirýär. Batareýaly ulaglar üstümizdäki ýylda konserniň önümçiliginde uly orun eýelär.

Ýöne BMW-niň ozal öndürip gelýän modellerinden hem ýüz öwürmejekdigini bilip goýmaly. Konsern ozaldan öndürip gelýän sedanlarynyň 7 görnüşinde, şol sanda X5 we X3-de käbir täzelenmeleri girizer.

Şeýle hem alty we sekiz slindirli ulaglary kämilleşdirmek üçin maýalar goýlar.

Şu ýyl BMW M5-iň hem täze nesli alyjylara ýeter. V8 sport ulagy ozalky görnüşini gora, ýöne oňa elektrik bilen işleýän dwigatel oturdylar.