«Mercedes-AMG» 1000 at güýji bolan krossower çykarmaga taýýarlyk görýär

«Mercedes-AMG» täze elektrik awtoulagyny – öndürilýän ulaglaryň arasynda deňi-taýy bolmadyk 1000 at güýji kuwwaty bolan krossoweri çykarmaga taýýarlyk görýär. Ýokary tehnologiýaly AMG.EA platformasynyň esasynda döredilen täze ulag «BMW XM», «Lotus Eletre» we geljekki «Porsche» elektromobili ýaly bäsdeşlerine garşy çykyp, elektrik ulaglary pudagynda hakyky üstünlik bolar.

Krossoweriň motory agramy bary-ýogy 24 kg bolup,  480 at güýjüni öndürmäge we aýlaw pursatynda 590 Nm ýetmäge ukyply ýokary öndürijilikli täze nesil «AMG» elektrik hereketlendirijilerinden ybarat bolar. 

800 woltlyk arhitektura çalt zarýad bermegi we ýokary energiýa tygşytlylygyny üpjün eder.

Yzky tekerleri we ähli tekerleri hereketli, şeýle hem iki, üç ýa-da dört elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen nusgalaryň çykmagyna garaşylýar.

Krossoweriň ilkinji gezek 2025-nji ýylda dört gapyly «AMG GT» kupesiniň tanyşdyrylyş dabarasyndan soň çykmagyna garaşylýar. Bu barada Motor.ru habar berýär.