Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi

Şu ýylyň mart aýynda wezipä täze bellenen Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly Gadam Ilamanow Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň başynda Igor Babuşkin Gadam Ilamanowy Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsuly wezipesine girişmegi bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsullygy habar berýär.

Astrahan sebitiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu sebitiň esasy daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biridigini, şunuň bilen baglylykda, taraplaryň söwda-ykdysady, logistika, gämi gurluşygy, bilim we medeniýet ugurlarynda özara işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandyklaryny belledi.

Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Astrahan sebiti türkmen tarapy bilen Türkmenistanda logistika merkezini döretmek, sebitiň portlary bilen Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli logistik akymlary ösdürmek, özara söwda dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak we gatnadylýan ýükleriň gerimini giňeltmek barada gepleşikleri geçirýär.

Gadam Ilamanowyň nygtaýşy ýaly, şeýle hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklary giňeltmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Türkmen diplomaty: «Işimiň dowamynda Astrahan sebitiniň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmakda anyk ädimleri beýan etmek üçin duşuşyklar geçirmegi meýilleşdirýärin» diýip belledi. Duşuşykda taraplar türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň dowamynda Astrahanyň Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň okuwçylarynyň we Türkmenistandan bu sebite ýokary okuw mekdeplerine okamaga gelen talyplaryň gatnaşmagynda şygryýet agşamlaryny, «tegelek stollary» hem-de tematiki konferensiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Igor Babuşkin «Biz Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge gönükdirýän ünsüne ýokary baha berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ähli ugurlary boýunça alnyp barylýan işlerde siziň hem berjek goldawyňyza bil baglaýaryn» diýip, Astrahan sebitiniň gubernatory täze bellenen konsuly Gadam Ilamanowa ýüzlendi.