«Aeroflot» indi öý haýwanlaryny ýolagçy oturgyjynda oturtmaga rugsat berýär

«Aeroflot» täze hyzmaty bilen öý haýwanlarynyň eýelerini begendirdi. Indiki uçuşda haýwanlary salondaky ýolagçy oturgyjynda oturtmak mümkindir.

Öň üstünlikli synagdan geçen bu hyzmat «Aeroflot-yň» we onuň golçur kärhanasy «Russiýa» awiakompaniýasynyň (SU) ähli uçuşlarynda hemişelik esasda elýeterli boldy.

Synag wagtynda 900-den gowrak öý haýwanlary eýeleriniň ýanynda amatly uçuşdan peýdalandylar. Synagyň netijelerine görä, biznes synpynda haýwanlary daşamak üçin konteýneriň ölçegleri hem ulaldyldy.

Awiakompaniýa ýolagçylara bir haýwany ýa-da guşy uçaryň salonynda konteýnerde daşamaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik ähli hyzmat synplarynda, ýagny ekonom, amatly we biznes synplarda elýeterlidir. Haýwany ýanyňa almak üçin töleg uly ýaşly ýolagçy üçin ulanylýan nyrh boýunça amala aşyrylýar. Howpsuzlyk düzgünlerine laýyklykda, içinde haýwan saklanýan konteýneri diňe illýuminatoryň (penjiräniň) golaýyndaky oturgyçlarda ýerleşdirmek mümkindir. Haýwan uçuşyň dowamynda daşaýjyda saklanmalydyr.

Daşaýjy bilen birlikde haýwanyň umumy agramy 15 kg-dan geçmeli däldir. Gaty konteýneriň iň ýokary ölçegleri 50x30x30 sm, ýarym gaty bolsa 50x32x30 sm-den köp bolmaly däl. Hökmany ýagdaýda konteýneriň howpsuzlyk kemeri bilen pugta berkidilmegine mümkinçilik berýän ýörite tutawajy ýa-da halkasy bolmalydyr. Bu barada TASS awiakompaniýanyň metbugat beýanatyna salgylanyp habar berýär.