«Subaru» içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler üçin innowasion ulgam hödürledi

«Subaru» içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler üçin innowasion gorag ulgamynyň patentini aldy. «Kamera asty ýanyş» diýlip atlandyrylýan täze tehnologiýa bir otlaýjy sweçi we inžektor arkaly netijeliligi ýokarlandyrmagy hem-de zyňyndylary azaltmagy wada berýär.

Bu barada «Rambler» habar berýär.

Ulgamyň esasy aýratynlygy adatça ýokary ýangyç sarp edilmegi bilen baglanyşykly bolan sowuk otlaýyşy optimizirlemekdir. «Subaru» kompaniýasynyň işläp düzen ulgamy işiň başlangyç tapgyrynda has täsirli ýanmagy üpjün edýär, soňra hereketlendirijiniň gyzmagy bilen alternatiw otlama tertibine geçýär.

Onuň innowasion aýratynlygy gysyş wagtynda deslapky kamera howa goýbermegi bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa ýangyjyň silindriň diwarlaryna ýerleşmeginiň öňüni alýan howa päsgelçiligini döredýär. Otlamagy optimizirlemek üçin goşmaça ýangyç pürkülýär, bu bolsa has doly derejeli ýanmaga kömek edýär.

Işleýiş temperaturasyna ýetensoň, goşmaça ýangyç pürkmek zerurlygy aradan aýrylýar, bu bolsa hereketlendirijiniň umumy netijeliligini ýokarlandyrýar.

«Subaru» bu tehnologiýany diňe bir özüniň benzin bilen işleýän hereketlendirijilerinde däl, eýsem, dürli ýangyç görnüşlerinde işleýän beýleki hereketlendirijilerinde hem ulanmagy göz öňünde tutýar.