3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.
3-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Russiýanyň iň uly ýolagçy awtoulaglaryny öndüriji kompaniýasy bolan «AwtoVAZ» ýakyn geljekde Azerbaýjanda «Lada» awtoulaglarynyň ýygnalyp başlanandygyny habar berdi.
3-nji aprelde Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýär. Bu ýerde dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýärler.
3-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda bolup geçen mejlisinde ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat uly awtoulag ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy aprel aýynda boljak esasy wakalaryň hatarynda agzaldy.
Aşgabatda «Ýüpek ýoly» halkara ralli-reýdini geçirmek taslamasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana gelendigini «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. Toparyň hatarynda ösüş boýunça direktor S.Tukmanow we taslamanyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary W.Sokolow bar.
Türkmenistan yklymara ulag geçelgesine öwrülmek üçin netijeli işleri alyp barýarMerkezi Aziýa boýunça bilermen Wadim Şagiahmedowyň pikirine görä, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän yklymara ulag geçelgesine öwrülmek üçin ynamly hereket edýär.
Ýaponiýanyň «Nissan» we «Mitsubishi Motor Corporation» awtoulag kompaniýalary ABŞ-nyň bazaryna gönükdirilen täze ýük awtoulagyny öndürmek üçin birleşýärler. «Automotive News»-yň berýän habaryna görä, bu hyzmatdaşlyk iki kompaniýa-da awtoulagyň täze neslini öndürmek üçin çykdajylary optimizirlemäge mümkinçilik berer.