Taksi hyzmatlaryny onlaýn usulynda sargyt etmek

Taksi hyzmatlaryny ýerine ýetiriji – “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Taksi hyzmatlaryny onlaýn usulynda sargyt etmek üçin ulanylýan “Taksi hyzmaty” programmasyny Play Market ýa-da App Store goşundysyndan müşderileriň enjamlaryna (Android ýa-da IOS) ýüklemek mümkünçiligi döredilen.

Bu programmany ýüklemek üçin internet saýtlaryň salgylary:

  

Bu programma arkaly gije-gündüziň islendik wagtynda müşderiler TAKSI sargydyny edip bilýärler. Sargyt edilende programma arkaly müşderä iň ýakyn bolan taksi awtoulagy iberilýär we bu awtoulagyň döwlet belgisi müşderä SMS iberilip, habar berilýär. Şeýle hem, sargyt ýerine ýetirilenden soň hyzmatlaryň bahasy baradaky maglumat müşderä SMS görnüşinde iberilýär. Şeýle-de “Taksi hyzmaty” programmasy müşderiň sargydyny başyndan soňuna çenli onlaýn şertlerinde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Taksi sargydy üçin tölegleri nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrmak mükinçiligi döredilen. Bu hyzmatlary ýerine ýetirilende bildirilýän talaplara laýyk gelýän döwrebap awtoulaglar ulanylýar.

Şeýle hem, müşderiler üçin: 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03 belgilere jaň edip, gije-gündüziň islendik wagtynda TAKSI sargydyny etmek mükinçiligi döredilen.