Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly ýerli uniwersitete baryp gördi

Astrahan döwlet uniwersitetinde (ADU) okaýan 600-den gowrak türkmenistanly talyp özleriniň ata Watanynda gurulýan Arkadag şäheri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldy.

Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bilen tanyşlyk Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gollyýewiň uniwersitete baryp görmeginiň çäklerinde guraldy.

Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik edarasy resmi saýtynda habar berdi.

Taraplar Astrahan uniwersiteti bilen bilim we ylym pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, şeýle hem Türkmenistanyň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça dürli maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Konsul Gollyýew türkmen talyplary bilen hem duşuşdy we soraglaryna jogap berdi.