Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hususy önüm öndürijilere ýeňillikleri döredýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary  ýurduň eksport mümkinçiliklerini hem-de eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça deslapky gümrük maglumatlaryny aldylar. Bu maglumatlar olara Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen maslahatda berildi.

Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilip eksport edilýän harytlaryň gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirmek meselesi maslahatyň esasy temasy boldy.

Şeýle-de önüm öndürijilere eksport harytlary babatda gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek we gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda amala aşyrylýan işler, seljermeleriň netijesinde ýüze çykýan bellikler we teklipler, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berildi.

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikleri ulanmagyň aýratynlyklary telekeçileriň dykgatyna ýetirildi. Türkmenistandan  eksport edilýän harytlaryň gümrük amallary barada telekeçilerde döreýän soraglar boýunça aýdyňlaşdyrmalar berildi.