Ilkinji syýahat otlusy Aşgabada gaýdyp geldi

Guramaçylygy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine we hususy kompaniýalara degişli ilkinji syýahat otlusy 27-nji noýabr güni Daşoguz welaýatyndan Aşgabat şäherine gaýdyp geldi. Onuň ýolagçylary demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etdiler.

Ilkinji syýahata medeniýet, bilim we hususy pudaklaryň 70-den gowrak wekili gatnaşdy. Daşoguz şäherine otly bilen baran syýahatçylar Köneürgenç ýadygärliklerine döwrebap awtobuslar arkaly alnyp gidildi. Şeýlelikde, syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň belli bir bölümlerini geçmek üçin mümkinçilik döredildi.

Syýahatyň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler boldy.

Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

Şeýle syýahat otlularyny ýurduň beýleki sebitlerine hem guramak göz öňünde tutulýar.