Türkmenistanly gümrükçiler intellektual eýeçiligiň obýektleri barada wideoaragatnaşyk arkaly okuwa gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri üçin intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň tejribesi babatynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi. Bu okuwy «Schmitt&Orlov Intellectual Property» kompaniýasynyň wekilleri geçirdi.

Gümrük edaralary tarapyndan kontrafakt harytlaryň ýüze çykarylmagy, şeýle harytlaryň asyl nusgasyndan tapawutlandyrmagyň usullary okuwda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Okuw tamamlananda, oňa gatnaşýan gümrük işgärleri «Schmitt&Orlov Intellectual Property» kompaniýasynyň wekillerine sagbolsun aýdyp, şeýle okuwyň gümrük nokatlarynyň işgärleri üçin hem gurnalmagynyň ýurdumyza kontrafakt harytlaryň getirilmegini öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlerde peýdaly boljakdygy barada bellediler.

Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça görülýän çäreler Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 37-nji bölüminde göz öňünde tutulan. Bu Kodeksiň 342-nji maddasyna laýyklykda, Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawy döredilip, bu sanawa girizilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukugynyň eýelerine hukuk goragy üpjün edilýär.