Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi pudagyň halkara ähmiýetli meseleleri boýunça anyk çözgütleri kabul etmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň öňdebaryjy «Weichai» iženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegine 5 sany halkara güwänama gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşygy geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti açylyş dabarasy üçin ýörite gurnalan mejlisler jaýyna çykyş etdi.
BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi.