«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl bolan uçarmanlyk käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine kabul edilşigi yglan edýär.
Russiýanyň Aeroflot awiakompaniýasy hem-de Aeronawigasiýa boýunça döwlet korporasiýasy uçarlary gondurmagyň täze tertibini ulanmaga başladylar. Bu barada The Moscow Times kompaniýanyň wekillerine salgylanyp habar berýär.
4-nji aprelde Duşenbe şäheriniň “Istiklol” lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.
Duşenbede türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Täjigistanyň Prezidentiniň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbä resmi saparynyň çäklerinde, 4-nji aprelde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi.
4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.